- ululyk
- 1) Kiçi dällik, gabarasy, göwrümi uly bolanlyk.∙ Onuň depesinden garry sazaklaryň ägirt uly şahalary atylan ok ýaly bolup, dazlap geçýärdiler. (B. Seýtäkow, Saýlanan eserler)∙ Garnynyň ululygyndan ýaňa eli aýagyna ýetmeýärdi. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)2) Predmetiň ölçegi, göwrümi.3) Özünden ulynyň ýagdaýy.4) seret ulumsylykÝazuw düzgüni: Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, k sesi g sesine öwrülýär.Meselem ululyk - ululygy.
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.